Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putiniň ahyr soňy Ukraina barada ylalaşjagyny çaklaýar


Donald Tramp
Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 15-nji awgustda anna güni Alýaskada planlaşdyrylýan duşuşykda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ahyrky netijede Ukraina barada ylalaşyk gazanjakdygyna ynanýar.

Tramp penşenbe güni "Fox News" agentligine beren interwýusynda "Moskwa garşy has berk sanksiýa howpy Russiýanyň hökümetiniň bu duşuşyk barada soramagynda rol oýnan bolmagy mümkin" - diýdi.

Tramp anna güni geçiriljek sammiti netijeli hasaplasa, soň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä we Ýewropa liderlerine jaň etjegini aýtdy. Tramp Putin bilen gepleşikleriň sowsuz bolmagynyň ähtimallygyny 25% derejesinde çaklady.

Amerikanyň prezidenti, Wladimir Putin we Wolodymyr Zelenskiý bilen geljekde duşuşmak üçin göz öňünden tutan üç ýeriniň bardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio penşenbe güni žurnalistlere Donald Trampyň Ukrainadaky söweşleri bes etmek umydy bilen anna güni Wladimir Putin bilen gepleşik geçirjekdigini, ýöne bu konflikti hemmetaraplaýyn çözmek üçin has köp wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy. Marko Rubio "Parahatçylygy gazanmak üçin howpsuzlyk kepilliklerini ara alyp maslahatlaşmaly, territorial dawalary we talaplary ara alyp maslahatlaşmaly, biziň hemmämiz muny ykrar edýäris" - diýdi.

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow öňürdip, netijelerini çaklamaga synanyşmagyň ýalňyşlyk boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG