ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ÝB liderlerini we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini Wladimir Putin bilen ýakyn wagtda boljak duşuşygynda territorial meseleler barada pikir alyşmajakdygyna ynandyrdy diýip, NBC News we Bloomberg neşirleri öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Putin bilen Ukrainada atyşygy bes etmek ylalaşygyna gelinmegini gazanmak üçin duşuşýandygyny aýtdy diýip, çeşmeler NBC neşirine gürrüň berdiler.
Mundan başga, olaryň aýtmagyna görä, Tramp bäşinji günde boljak duşuşygy Zelenski bilen “çalt ikinji duşuşygy” gurnamak üçin ulanmakçy bolýandygyny aýdypdyr.
"Biziň ikinji duşuşygymyzyň hem boljagyna uly ähtimallyk bar. Birinji gepleşik bilen deňeşdirilende, ol has netijeli bolar” diýip, Tramp Kennedi merkezinde žurnalistlere aýtdy we bu duşuşyga “esas taýýarlaýandygyny” hem sözüne goşdy.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Tramp bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň mümkin bolup biljek territorial eglişikleri baradaky islendik kararyň Ukraina tarapyndan kabul edilmelidigini, "şu gün günde terriroriýa alyşmak üçin çynlakaý meýilnamalaryň ýokdugyny" aýtdy.
"Tramp ABŞ-nyň Alýaskadaky duşuşykda atyşygyň bes edilmegini gazanmak isleýändigini açyk aýtdy" diýip, Bloomberg onuň sözlerine salgylanyp ýazdy. “Biz birnäçe gezek aýtdyk, atyşygy bes etmek dowamly parahatçylyk ylalaşygy gazanylýança, biz Ukraina goldaw bermegimizi dowam etdirmeli".