Şu gün aktiwistler we blogçylar Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowyň Türkmenistana iberilendigi anyklandy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri olaryň deportasiýa edilendigini aklawçy Gülden Sönmeziň anyklandygyny habar berdi.
Türkiýäniň degişli gulluklary türkmen raýat aktiwistleriniň öz ýurtlaryna deportasiýa edilmegi bilen baglanyşykly resmi resminamalary bermekden ýüz öwürýär diýip, habarda aýdylýar.
Bu mesele boýunça häzirlikçe başga jikme-jiklikler belli däl.
Sahatow bilen Orusow 24-nji iýula çenli deportasiýa merkezinde saklandy. Şondan soň olar bilen aragatnaşyk ýitdi.
Bursa şäheriniň polisiýa bölümi aklawçylaryň soraglaryna jogap berip, bu adamlaryň Türkiýäniň çäginden çykmandygyny aýtdy.
Soňra Sinop polisiýasy we prokuratura, ýeterlik subutnamanyň ýoklugy sebäpli, blogçylaryň ýitirim bolmagy meselesinde açylan işi ýapdy.