Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara maslahatyň dowamynda Awazada döredilen gawun-garpyz piramidalary üns merkezinde


Garpyz piramidalary. Awaza. Awgust, 2025 ý.
Garpyz piramidalary. Awaza. Awgust, 2025 ý.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 5-8-nji awgust aralygynda geçirilen BMG maslahatynyň fonunda şäherde döredilen gök-bakja we miwe önümleriniň bolçulygy, şeýle-de beýleki ir-iýmişleriň sergisi, gawun-garpyz piramidalary heniz hem üns merkezinde galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III maslahaty geçen hepde döwlet media serişdeleriniň, şol sanda ýerli elektron neşirleriň baş temasy boldy.

30-dan gowrak ýurtdan maslahata gatnaşmak üçin daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gelen myhmanlar Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysadyýetlerini ösdürmegiň, olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Döwlet mediasy maslahatyň guramaçylygyna ýokary bahalaryň berlendigini aýdýar. Bu çäräniň geçirilýän günlerinde Awazada daşary ýurt döwletlerinden baran myhmanlar üçin gök-bakja we miwe önümleriniň sergisi, gawun-garpyz piramidalary görkezildi.

Sergide görkezilen önümler bazara çykaryldy

Maslahatyň tamamlanmagynyň yz ýany, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri bu önümleri, ilkibaşda, Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän ýetimler öýlerine we garrylar öýlerine paýlamagyň kararlaşdyrylandygyny, ýöne soňy bilen, sergide görkezilen önümleriň ýerli bazarlarda satuwa çykarylandygyny habar berdi.

Azyk önümleriniň diňe bir bölegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna iberilipdir diýip, neşir ýazdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji awgustda bu maglumatlary tassyklap, gawun-garpyz piramidalaryna we gök-bakja önümleriniň sergisine niýetlenip şähere getirilen önümleriň forumyň tamamlanmagynyň yz ýany satuwa çykarylandygyny habar berdi.

Iýmit önümleriniň sergisinde tas des-deň ululykdaky we birmeňzeş ölçeglerdäki gawunlar we garpyzlar piramida görnüşinde biri-birleriniň üstünde goýlup, olardan ýörite bezegler taýýarlandy.

Şeýle-de, çäräniň gurnalan ýerlerinde mobil atlandyryp boljak ojaklarda we tamdyrlarda mele-myssyk çörekler elin bişirilip daşary ýurtlardan gelen myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi şeýle çäreleri synlap, bolçulyk sahnasynyň “göz üçin edilendigini”, daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň, şol sanda bloggerleriň bu bolçulygy görüp, wideo düşürip, öz sahypalarynda paýlaşarlary ýaly wagtlaýyn bezelendigini habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” azyk sergisinde görkezilen önümleriň käbirleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan getirilendigini habar berdi.

Maglumata görä, Özbegistan, Täjigistan we Gazagystan ýaly ýurtlar üzüm, nar, kişde, gawun we kakadylan miwe önümleri ýaly harytlary azyk sergisine iberipdirler.

'Azyk bolçulygyny söhlelendirmek synanyşyklary'

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli daýhanlardan hem azyk bolçulygyny şöhlelendirmäge niýetläp, gök-bakja we miwe hasyllarynyň ýygnalyp alnandygyny habar berýär.

“Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan saýlama daýhanlaryň önümleri getirildi. Bu önümlerden ýurtdaky bolçulyk sahnasyny görkezmegiň guraly hökmünde peýdalanyldy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Hökümetçi neşirler halkara forumyň dowamynda “Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde ekologik taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleriniň” ýerleşdirilendigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy serginiň yz ýany, rus we gazak unlaryndan taýýarlanan çörek we çörek önümleriniň forum tamamlanan badyna zir-zibile taşlanandygyny habar berýär.

Şeýle-de, sergide görkezilen käbir nagyşly çörekler Samarkantdan gelen çörek ýapýançylar tarapyndan taýýarlanypdyr.

“Olar nagyşly petirleri we çörekleri ýapdylar” diýip, sergini synlan bir balkanabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu forumda ýerli ilatyň birnäçe günläp sarp edip biljek iýmit önümleriniň zaýaçylygynyň bolandygyny aýdýarlar.

“Şeýle sergileri gurnamak Türkmenistan üçin mesele däl. Ýöne ýurtda maliýe-ykdysady kynçylyklar dowam edýär, ilatyň maşgala sebedi ejizleýär, adamlar sergilere seredip, gultunyp ýaşaýar” diýip, beýleki bir balkanabatly aýdýar. Ol bu çäreleri “gözboýagçylyk” atlandyrdy we ýurt içinde barha ýaramazlaşyp dowam edýän sosial problemalara ünsi çekdi.

'Halkyň hasabyna' gurnalýan sergiler

“Daşary ýurtly myhmanlaryň, bloggerleriň bäş minutlyk wideo düşürmekleriniň hatyrasyna döredilen emeli bolçulyk” diýip, balkanly ýaşaýjylar ir-iýmişleriň sergisini teswirleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda halkara çäre geçirilende döwlet tarapyndan şeýle sergileriň gurnalmagy däbe öwrülip barýar. Mundan ozal, Täjigistanda we Gyrgyzystanda geçirilen käbir halkara we sebit duşuşyklarynda azyk önümleriniň sergisi, gawun-garpyzlar, ir-iýmişler, üzümler, narlar we beýlekiler görkezildi.

“Türkmenistanda geçirilýän şeýle forumlar, halkara sport ýaryşlary Arkadaglara abraý getirýär. Ýöne, iň gynandyrýan ýeri, BMG-niň ýolbaşçylary we iri döwletleriň wekilleri seslerini çykarman, Türkmenistanyň halkynyň açlygynyň hasabyna gurnalýan şeýle çäreleri ümsüm synlap, ümsüm gidýärler” diýip, uly ýaşly bir balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Ýatlasak, Awazada geçirilen foruma BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş hem gatnaşdy.

“Eger şeýle ümsümlik dowam etjek bolsa, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy diýlen edara gerek däl, onusuzam bu edaranyň çözýän meselesi ýok” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Forum

XS
SM
MD
LG